“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Gamyşlyjanebit” nebitgazçykaryş müdirligi boýunça 2021-nji ýylyň başyndan bäri Şatut, Kerem we Altyguýy ýataklaryndan “gara altynyň” çykarylan möçberi 113 müň 963 tonna deň bolup, alnan önüm gaýtadan işlemäge ugradyldy. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti çarşenbe güni habar berdi.
Ýatladyp geçsek, “Gamyşlyjanebit” nebitgazçykaryş müdirligi boýunça şu ýylyň ilkinji iki aýynda “gara altynyň” çykarylan möçberi 61 müň tonnadan geçipdi.
Häzirki wagtda “Türkmennebit” döwlet konserni Demirgazyk Goturdepe ýatagynda ulanyş guýularynyň 11-siniň we gözleg guýularynyň ikisiniň gurluşygyny alyp barýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow fewral aýynyň 11-ne geçiren hökümet ýygnagynda wise-premýer Şahym Abdrahmanowa “Türkmennebit” döwlet konserni nebit ýataklaryny gözlemegi, işläp geçmek babatda halkara kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işläp taýýarlamagy, täze açylan ýataklary özleşdirmäge we köne ýataklardan kynlyk bilen çykarylýan nebitiň galyndy gorlaryny çykarmaga daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi tabşyrdy.