Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Awaza döwlet elektrik bekediniň hünärmenleri tarapyndan şu ýylyň ilkinji üç aýynda 241 million kilowat-sagatdan gowrak elektrik energiýasy öndürildi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň anna güni habar berşine görä, bu görkeziji meýilnamada görkezileninden 21 million kilowat-sagat artykdyr.
2018-nji ýylda Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň (AÖB) arasynda içerki elektrik geçiriji ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen 500 million ABŞ dollaryna barabar bolan ylalaşyk baglaşyldy. Şol ylalaşyk Ahal — Balkan hem-de Balkan — Daşoguz ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlarynyň gurluşygyny maliýeleşdirmäge degişlidir.
Türkmenistanda 2024-nji ýyla çenli öndürilýän elektrik energiýanyň möçberini 33 milliard kilowat-sagada çenli ýetirmek meýilleşdirilýär.