Kiçi we orta telekeçilik kärhanalaryna goldaw bermegiň zerurdygy nygtaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Kiçi we orta telekeçilik kärhanalaryna goldaw bermegiň zerurdygy nygtaldy
Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 101%-e barabar boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň başynda wise-premýer Çary Gylyjowa hem-de söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli kärhanalaryň işine gözegçilik etmegiň, kiçi, orta we iri telekeçilik kärhanalaryna goldaw bermek çärelerini dowam etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Döwlet Baştutanymyz wise-premýere häzirki wagtda söwda ulgamynyň durnukly işlemegini üpjün etmegiň esasy wezipeleriň biridigini belläp, her gün emele gelen ýagdaýa baha berip durmagyň möhümdigini nygtady.

Wise-premýer Ç.Gylyjow öz hasabatynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 101%-e barabar bolandygy barada habar berdi.

Şeýle-de Ç.Gylyjow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň önümçiliginiň ösüşi 139,7%-e, senagat önümleriniň önümçiliginiň ösüşiniň bolsa 125,3%-e deň boldygyny belledi.

Mundan başga-da, Milli Liderimiz durmuşda has gerekli önümleriň, şol sanda azyk önümleriniň ýeterlik gorlaryny döretmek üçin goşmaça goldaw çärelerini görmek wajypdyr diýip, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022