Türkmenistanyň karz edaralarynyň milli pulda beren karzlarynyň möçberi mälim edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň karz edaralarynyň milli pulda beren karzlarynyň möçberi mälim edildi
Raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň möçberi 13 milliard 88 million manada deň boldy.

2021-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň möçberi 51 milliard 964 million manada barabar bolup, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 8,6% ýokarlandy. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň mälim eden maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň fewral aýy ýagdaýyna bu karzlaryň umumy möçberi 44 milliard 806 million manada deň boldy.

Şeýle hem, 2021-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň möçberi 5 milliard 459 million manada barabar bolup, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 7,8% ýokarlandy. 2020-nji ýylyň fewral aýy ýagdaýyna bu karzlaryň umumy möçberi 4 milliard 299 million manada deň boldy.

Mundan başga-da, 2021-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň umumy möçberi 13 milliard 88 million manada deň bolup, bu görkeziji 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9% ýokarlandy. 2020-nji ýylyň fewral aýynda berlen karzlaryň möçberi 11 milliard 866 million manada barabar bolupdy.

Bank gözegçiligi müdirliginiň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda karz berýän banklaryň hataryna “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky (DTB), “Daýhanbank” DTB, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky (PTB), “Senagat” PTB, “Rysgal” PTB girýär. 

2022