Türkmenistanda ykdysady subýektleriň sanynyň ösüş depgini 44,3% boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda ykdysady subýektleriň sanynyň ösüş depgini 44,3% boldy
Kiçi kärhanalaryň we hususy guramalaryň sany köpelýär.

2021-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda esasy ykdysady işjeňligi boýunça hasaba alnan täze ykdysady subýektleriň sanynyň köpelmegi 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 44,3% boldy. Bu barada Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine salgylanyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýtynda Penşenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilşi ýaly, täze kärhanalaryň köpüsi oba hojalyk pudagyna degişlidir we häzirki wagtda olaryň sany 88% ýokarlanyp, önümçilik kärhanalaryň sany 53%-den gowrak artdy.

Kiçi kärhanalaryň we hususy guramalaryň sany köpelýär. Şol bir wagtyň özünde döwlet eýeçiligindäki ykdysady subýektleriň paýy azalmagyny dowam etdirýär.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylyň ilkinji üç aýynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli bolmadyk pudagynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýüpek matalarynyň (3,1%), egin-eşik we trikotaž önümleriniň (2,5%), plastmassa we aýna süýümli turbalaryň (155%), mineral suwlaryň we alkogolsyz içgileriň (20.5%), süýt önümleriniň (11,2%), ýagyň (35%), konditer önümleriniň (8.0%), galla önümleriniň (85.1%) we beýleki senagat önümleriniň görnüşleriniň önümçiligi artdy.

Bu döwürde ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk pudagyndan Döwlet býujetine gelen serişdeleriň möçberi 36,2% ýokarlandy.

2022