Balkanabadyň beketleri 960 million kubmetrden gowrak tebigy gaz taýýarlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Balkanabadyň beketleri 960 million kubmetrden gowrak tebigy gaz taýýarlady
Gaz kompressor beketlerinde 961 million 82 müň kubmetr “mawy ýangyç” taýýarlanyldy we sarp edijilere iberildi.

2021-nji ýylyň birinji çärýeginde Balkan welaýatynda ýerleşýän Gazy toplamak we paýlamak boýunça Balkanabat müdirliginiň düzümine girýän gaz kompressor beketlerinde 961 million 82 müň kubmetr “mawy ýangyç” taýýarlanyldy we sarp edijilere iberildi.

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazetiniň çarşenbe güni habar berşi ýaly, Balkan welaýatynyň Barsagelmez meýdançasynda iş alyp barýan “Barsagelmez” gaz kompressor bekediniň hünärmenleri gazlift usuly bilen hereket edýän nebit guýularyny ýeterlik mukdarda “mawy ýangyç” bilen üpjün edýärler.

Şu ýylyň başyndan bäri guýulara 376 million 598 müň kubmetr tebigy gaz goýberildi. Şeýlelikde, bu sebitde 119 müň tonna “gara altyn” çykaryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň başynda Lebap welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Çärjew etrabynyň “Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu desganyň ýylda üstünden 30 milliard kubmetre çenli tebigy gazy geçirmäge mümkinçiligi bardyr.