Daşary ýurtly resmiler OGT 2021-de çykyş ederler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşary ýurtly resmiler OGT 2021-de çykyş ederler
“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2020” atly XXV halkara maslahaty Aşgabat, Türkmenistan (Surat: OGT)

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2021” (OGT-2021) atly Halkara maýa goýum forumy 12–13-nji maý aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler.

Umumy mejlisde “Energetika bazarlarynyň häzirki ýagdaýlary we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi” atly mowzuk ara alnyp maslahatlaşylar we Halkara energetika forumynyň baş sekretary Jozef MakMoniglenyň tanyşdyryş çykyşy geçiriler.

Halkara energetika forumy 1991-nji ýylda döredilip, Saud Arabystany Patyşalygynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde ýerleşýän halkara guramadyr. Bu gurama energiýa sarp edijileri bilen öndürijileriniň arasynda global gepleşikleri guraýan garaşsyz global energetika edaradyr. Bu forum jemi 73 sany import we eksport ediji ýurtlary birleşdirýär.

Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça ýörite söwda wekili Baronessa Emma Nikolson iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek bilen bagly mowzukda çykyş eder.

Baronessa Nikolson 1997-nji ýyldan bäri Beýik Britaniýanyň parlamentiniň Lordlar palatasynyň agzasydyr. Nikolson Beýik Britaniýanyň Ýewropa Geňeşiniň Parlament Assambleýasynyň wekiliýetiniň agzasy bolup, ol ýerde Gözegçilik komitetiniň hem agzasydyr.

BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebit üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň (ESKATO) Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsia Alisjahbana hem geçiriljek çärä gatnaşar.

ESKATO 1947-nji ýylda döredilip, sebitiň ykdysady we sosial meselelerini çözmek babatda işleri ýerine ýetirýär.

Aşgabatda geçiriljek forumda öňdebaryjy milli we halkara nebit-gaz kompaniýalarynyň hem-de halkara maliýe guramalarynyň ýokary derejeli ýolbaşçylary we diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem tutuş sebitde nebit-gaz pudagynyň geljegini çaklaýan bilermenler jemlener.

Halkara syýahat çäklendirmeleri sebäpli forum onlaýn görnüşde hem geçiriler.

Forum ýangyç-energetika pudagynyň ösüşindäki global tendensiýalary we bu ugurda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TAPI) gaz geçirijisiniň gurluşygyny öz içine alýan sebitleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolup hyzmat eder.

2022