Türkmenistanyň döwlet kärhanalarynda önümçiligiň möçberi ýokarlanýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň döwlet kärhanalarynda önümçiligiň möçberi ýokarlanýar
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçiliginiň möçberi 18,2% ýokarlandy.

Türkmenistanyň döwlet kärhanalarynda 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde önümçiligiň möçberiniň ep-esli ýokarlanmagy hasaba alyndy. Bu barada Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna salgylanyp, “ORIENT.tm” internet neşiri penşenbe güni habar berdi.

Maglumatlara görä, 2021-nji ýylyň ilkinji üç aýynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň önümçiliginiň möçberi 46,2%, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) önümçiliginiň möçberi bolsa 18,2% ýokarlandy.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň 2021-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda önümçiliginiň mukdary 26,9%, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň desgalarynda bolsa önümçiligiň mukdary 22% ýokarlandy. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynyň önüm öndürijiligi ýokary derejeli ösüş depginini görkezýär. Olaryň önümçiligi 18,5% artdy.

Häzirki wagtda TNGIZT-iň çäklerinde çig malyň gaýtadan işlenişini çuňlaşdyrmak we goşmaça gymmaty bolan eksport önümleriniň görnüşini giňeltmek üçin dürli desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar.

2022