Türkmenistanda elektroenergiýanyň eksporty 2,1 esse artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda elektroenergiýanyň eksporty 2,1 esse artdy
2021-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Türkmenistan elektroenergiýanyň öndürilişini içerki bazar üçin 6% ýokarlandyrdy.

Türkmenistan 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde elektroenergiýanyň eksportyny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,1 esse ýokarlandyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna salgylanyp, “ORIENT.tm” duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, eksportyň ýokarlanmagynyň esasy hereketlendirijileriniň biri şu ýylyň ýanwar aýynda durmuşa geçirilen 500 kilowat kuwwatlylygy bolan Türkmenistanyň Kerki şäherinden Owganystanyň Şibergan şäherine çenli uzap gidýän elektrik geçirijisidir.

2021-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Türkmenistanyň Energetika ministrligi elektroenergiýanyň öndürilişini içerki bazar üçin 6%, daşarky bazar üçin bolsa 12,9% ýokarlandyrdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Energetika ministrligi Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP), Ahal-Balkan we Balkan-Daşoguz halkalaýyn energiýa ulgamy hem-de Lebap welaýatynda kuwwaty 432 MWt bolan gaz turbinaly elektrik bekedi ýaly möhüm maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde uly işleri alyp barýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022