ÝB bilen ÝTÖB türkmen telekeçisine işini sanlylaşdyrmak üçin goldaw berýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝB bilen ÝTÖB türkmen telekeçisine işini sanlylaşdyrmak üçin goldaw berýär
Düýe fermasynyň günde 4 tonna çal öndürmek mümkinçiligi bar. (Surat: ÝTÖB)

Ýewropa bileleşigi (ÝB) we Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň  ýörite gaznasy (ÝTÖB) tarapyndan maliýeleşdirilýän ÝTÖB-niň “Türkmenistanda kiçi göwrümli kärhanalar üçin maslahat” atly taslamasy türkmen telekeçisi Polat Kanaýewe mal we düýe fermasynyň dolandyryş hasabatyny sanlylaşdyrmak we emläklerini dolandyrmagy kämilleşdirmek üçin goldaw berýär. Bu barada ÝB-nyň Türkmenistandaky wekiliýetiniň metbugat gullugy geçen penşenbe güni habar berdi.

Bu taslama laýyklykda ÝB we ÝTÖB Türkmenistanda kiçi we orta kärhanalaryň biznes dolandyrylyşyny güýçlendirmäge, innowasiýalara höweslendirmäge şeýle hem işewürlik maslahatlary we okuwlary arkaly telekeçileriň başarnyklaryny artdyryp bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga çalyşýar. Bu taslama ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin maýa goýum gaznasynyň çäklerinde maliýeleşdirilip, 2020-nji ýylyň dekabr aýynda başlady we 2025-nji ýyla çenli işini dowam eder.

Telekeçi Kanaýew Ahal welaýatynda 140 gektar meýdanda düýe fermasyny dolandyrýar. Ol düýäniň süýdünden fermentlenen süýt önümleri bolan çal we agaran öndürýär. Onuň fermasynyň günde 4 tonna çal öndürmek mümkinçiligi bar.

2020-nji ýylda telekeçi Polat dolandyryş buhgalteriýasyny sanlylaşdyrmak we kompaniýanyň emläklerini dolandyrmagy kämilleşdirmek maksady bilen ÝTÖB-niň Kiçi kärhanalar üçin maslahat boýunça maksatnamasyna ýüz tutdy.

ÝB-niň metbugatyna görä, bu taslama maglumaty dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmaga hem-de durmuşa geçirmäge we fermanyň işgärlerine bu ulgamy nähili ulanmalydygyny öwretmäge gönükdirilendir. Şeýlelikde, kompaniýa dolandyrylyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmagy başardy. Hasabatlar has ygtybarly bolup, karar kabul etmegiň netijeli bolmagy üçin gowy şertler döredildi.

Türkmenistanda strategiki ileri tutulýan ugurlaryň biri sanlylaşdyrmakdyr. Sanly özgerişleriň şäherlerde hem-de oba ýerlerinde türkmen kärhanalarynyň arasynda meşhurlygy has hem artýar we aragatnaşyk tehnologiýalaryna hem-de elektron söwdasyna uly üns berilýär.

2022