Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy €300 müňe deň boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy €300 müňe deň boldy
Türkmenistan Awstriýa aragatnaşyk enjamlaryny we egin-eşikleri eksport etdi.

Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda 300 müň ýewra barabar boldy. Bu barada Awstriýanyň Sanly we ykdysady meseleler boýunça ministrligine salgylanyp, Azerbaýjanyň “Trend” agentligi penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, 2020-nji ýylda Türkmenistana import edilen önümleriň içine derman serişdeleri we önümleri, iş enjamlary, azyk önümleri, atyrlar, ýuwujy we arassalaýjy serişdeleri girdi.

Şol bir wagtyň özünde, geçen ýyl Türkmenistandan Awstriýa eksport edilen harytlaryň esasyny aragatnaşyk enjamlary, gök önümler we miweler, ulaglar, egin-eşik we aksessuarlar düzdi.

Awstriýanyň “Zeman” toparyna degişli kompaniýalaryň ýolbaşçylary 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda türkmen döwlet edaralarynyň we hususy pudagynyň wekilleri bilen geçirilen onlaýn gepleşikleriň dowamynda “Aşgabat-siti” adyna eýe bolan şäheriň işewürlik toplumyny döretmek taslamasyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirdiler.