Türkmenistanda käbir ýokary okuw mekdepleri hojalyk hasaplaşygyna geçip biler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda käbir ýokary okuw mekdepleri hojalyk hasaplaşygyna geçip biler
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2021-2022-nji okuw ýylyndan başlap, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetini, Telekommunikasiýalar we informatika institutyny doly hojalyk hasaplaşygyna geçirmek baradaky teklip hödürlenildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, bu baradaky teklibi wise-premýer Mämmetmyrat Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamynda ýerine ýetirilýän işler barada beren hasabatynyň dowamynda hödürledi. Şeýle hem, wise-premýer dürli ulgamlara, şol sanda saglygy goraýyş ulgamyna täze, zerur hünärleri girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym-bilim işini ösdürmek hem-de işjeňleşdirmek, döwrebap işläp taýýarlamalary we innowasion tehnologiýalary tejribä ornaşdyrmak, ählumumy bähbitlere laýyklykda, giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiziň tölegli esasda okadylýan ýokary okuw mekdepleriniň maliýe-ykdysady ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we giňeltmek üçin, olary doly hojalyk hasaplaşygyna tapgyrlaýyn geçirmek barada beren tabşyrygyna laýyklykda, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Bilim hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri tarapyndan degişli işleriň geçirilýändigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz ýokarda aýdylanlary jemläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022