Türkmenistan 641 müň tonnadan gowrak nebiti Russiýanyň çäginden üstaşyr geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan 641 müň tonnadan gowrak nebiti Russiýanyň çäginden üstaşyr geçirdi
Diňe aprel aýynda 160 müň 590 tonna türkmen nebiti Russiýadan üstaşyr geçdi.

Türkmenistan 2021-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlary aralygynda Russiýa Federasiýasynyň çäginden 641 müň 300 tonna nebiti üstaşyr geçirdi. Bu barada Russiýanyň ýangyç-energetika toplumynyň Merkezi dispetçer gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, “Interfaks” agentligi ýekşenbe güni habar berdi.

Maglumatlara görä, diňe aprel aýynda 160 müň 590 tonna türkmen nebiti Russiýadan üstaşyr geçdi.

Türkmenistan Russiýadan üstaşyr geçýän nebit eksporty boýunça Gazagystandan soň ikinji orunda durýar. Gazagystanyň nebitiniň Russiýadan üstaşyr geçirilmegi 2021-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda 4 million 620 müň tonna (aprel aýynda 1 million 170 müň tonna) barabar boldy.

Şeýle-de habarda bellenilişi ýaly, rus kompaniýalarynyň GDA döwletlerinden başga ýurtlara nebit eksporty 2021-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlary aralygynda 66 million 650 müň tonna barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 20,5% peseldi.

Şol döwürde Russiýanyň nebit kompaniýalarynyň GDA ýurtlaryna nebit eksporty 95,7% artyp, 4 million 920 müň tonna barabar boldy.

2022