Türkmenistanda Işewürlik-Adalatçysy edarasynyň döredilmegi meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Işewürlik-Adalatçysy edarasynyň döredilmegi meýilleşdirilýär
Sişenbe güni geçen onlaýn gepleşigiň dowamynda, taraplar üstünlikli kompaniýalaryň durmuşa geçirýän iň gowy tejribeleri bilen tanyşdylar.

Türkmenistanda sişenbe güni telekeçileriň hukugyny goramak boýunça (işewürlik-adalatçysy) ygtyýarly edarany döretmek maksady bilen halkara öňdebaryjy tejribelerini maslahatlaşmak üçin onlaýn gepleşik geçirildi.

ABŞ-nyň Halkara Ösüş boýunça guramasynyň (USAID) metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly, onlaýn gepleşik USAID-iň “Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa” taslamasy hem-de BMG-nyň Neşe Serişdeleri we Jenaýatçylyk baradaky Müdirligi (BMGNJM) tarapyndan Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň ýardam bermeginde geçirildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Işewürlik-Adalatçysynyň edarasynyň döredilmegi Türkmenistanyň hökümetiniň ýurduň hususy pudagyny has-da ösdürmek boýunça alyp barýan işlerine itergi berip, halkara adam hukuklary ülňülerine laýyklykda hususy pudakdaky zähmet jedellerini çözmek üçin oňyn ädimdir.

“Işewürlik amallarynda adam söwdasynyň öňüni almak” atly sanly forumda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň we beýleki döwlet edaralarynyň wekilleri hususy pudakda zähmet we adam hukuklary bilen baglanşykly öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşdyryldy.

Onlaýn gepleşige ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mettýu Stiwen Klimow bilen Türkmenistanyň Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowa gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda Ilçi Klimow Türkmenistanyň BMG-niň 8-nji Durnukly Ösüş Maksadyna ýetmek üçin alyp barýan işlerine ýokary baha berýändigini belledi.

“Işleýän adamlary goramak biziň elimizde. Hünärmenler gowy iş orunlaryny, hormat goýulmagyny hem-de adalatly garalmagyny isleýärler. Müňlerçe adamyň durmuşyna täsir etjek bu taslama boýunça ýakyn aýlarda siziň bilen işleşmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.” diýip, ilçi nygtady.

Onlaýn gepleşigiň dowamynda, taraplar üstünlikli kompaniýalaryň durmuşa geçirýän iň gowy tejribeleri bilen tanyşdylar.

USAID-iň “Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa” taslamasy “Winrock International” tarapyndan Merkezi Aziýanyň dört ýurdunda durmuşa geçirilýär. Bu taslama migrasiýa amallaryny gowulandyrmak üçin ýerli hökümetler, raýat jemgyýeti we hususy pudak bilen ýakyn hyzmatdaşlykda işleşýär.

2022