Awstriýanyň Senagatçylar federasiýasy türkmen taslamalaryna gyzyklanma bildirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Awstriýanyň Senagatçylar federasiýasy türkmen taslamalaryna gyzyklanma bildirýär
Awstriýanyň Senagatçylar Federasiýasyna 4 müň 500-den gowrak kompaniýa agza bolup durýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) wekilleri bilen Awstriýanyň Senagatçylar federasiýasynyň agzalarynyň arasynda sişenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşik geçirildi. Onuň barşynda Awstriýanyň Senagatçylar federasiýasynyň agzalary Türkmenistandaky taslamalara uly gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

TSTB-niň habar berşi ýaly, awstriýa tarapyna Senagatçylar federasiýasynyň ýolbaşçysy Georg Knil ýolbaşçylyk etdi. Şeýle hem, onlaýn maslahata Wenadaky TSTB-niň söwda edarasynyň başlygy gatnaşdy.

Şeýle hem, Awstriýanyň Senagatçylar federasiýasynyň agzalary dünýäde pandemiýa bilen baglanyşykly çylşyrymly ýagdaýlar tamamlanandan soňra, degişli ýokary derejeli wekiller bilen duşuşmak we bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistana sapar amala aşyrmak islegleriniň bardygyny  mälim etdiler.

Maslahatyň dowamynda senagat, önümçilik, bank işleri we hyzmatlary, infrastruktura ýaly ykdysadyýetiň pudaklarynda işleýän 4 müň 500-den gowrak kompaniýa wekilçilik edýän Awstriýanyň Senagatçylar Federasiýasy barada degişli maglumatlar berildi.

Mälim bolşy ýaly, Mary welaýatynda ýerleşýän “Halal Dogan” hususy kärhanasy 2021-nji ýylyň aprel aýynda TSTB-niň Awstriýanyň Wena şäherindäki hemişelik wekilhanasynyň ýardam bermegi esasynda Wena şäherine türkmen pomidorlaryny eksport etdi.

2022