Türkmenistan Şweýsariýanyň hususy pudagyna biznes mümkinçilikleri hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Şweýsariýanyň hususy pudagyna biznes mümkinçilikleri hödürleýär
Türkmenistan Şweýsariýa bilen 1992-nji ýylyň 8-nji maýynda diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy.

Türkmenistan Şweýsariýanyň hususy pudagyna işewürlik, esasanam dokma senagaty we nebit-gaz pudagyndaky mümkinçiliklerini hödürleýär. Bu barada Şweýsariýanyň Ykdysady meseleler, bilim we gözleg ministrligine salgylanyp, Azerbaýjanyň “Trend” agentligi anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, infrastruktura we gurluşyk pudaklarynda mümkinçilikleriň bardygy mälim edildi.

Şeýle hem, Şweýsariýanyň Ykdysady meseleler, bilim we gözleg ministrliginiň ozal mälim eden maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda Şweýsariýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 7 million 600 müň ABŞ dollaryna barabar bolupdy.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Şweýsariýa eden eksportynyň umumy bahasy 143 müň 386 ABŞ dollaryna barabar bolup, Türkmenistanyň Şweýsariýadan eden importynyň umumy bahasy 7 million 500 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Türkmenistan Şweýsariýadan esasan umumy bahasy 3 million 100 müň ABŞ dollaryna deň bolan derman önümlerini import etdi. Şeýle hem, 2020-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda köp import edilen önümleriň hataryna tehnika we dürli ätiýaçlyk şaýlary girýär. Olaryň umumy bahasy 2 million 700 müň ABŞ dollaryna deňdir.

Mundan başga-da, şol döwürde Türkmenistan Şweýsariýa tehnika we olaryň böleklerini hem-de optiki, lukmançylyk önümlerini eksport etdi. Olaryň umumy bahasy degişlilikde 45 müň 803 ABŞ dollaryna hem-de 39 müň 577 ABŞ dollaryna deň boldy.

Türkmenistan Şweýsariýa bilen 1992-nji ýylyň 8-nji maýynda diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy. 2008-nji ýylda maýa goýumlaryny öňe sürmek we goramak boýunça Hökümetara şertnama gol çekildi.

2022