Amerikan kompaniýasy Türkmenistany läbik sorujylary bilen üpjün etmegi teklip etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Amerikan kompaniýasy Türkmenistany läbik sorujylary bilen üpjün etmegi teklip etdi
Türkmenistanyň we “Ellicot Dredges” kompaniýasynyň wekilleri hyzmatdaşlygy ösdürmekde gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Türkmenistanyň wekilleri bilen ABŞ-nyň “Ellicot Dredges” kompaniýasynyň arasynda penşenbe güni onlaýn gepleşik geçirildi. Gepleşigiň dowamynda amerikan kompaniýasy Türkmenistana 150 sany derýa läbik sorujylaryny getirmek teklibini beýan etdi.

“ORIENT” internet neşiriniň habar bermegine görä, maslahata türkmen tarapyndan  Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow hem-de Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Güýzgeldi Baýjanow gatnaşdylar. Amerikan tarapyna bolsa “Ellicot Dredges” kompaniýasyna ýerine ýetiriji direktory Benýamin Sumpter wekilçilik etdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar gelejekki hyzmatdaşlyk üçin iş tekliplerine garamak barada ylalaşdylar we hyzmatdaşlygy ösdürmekde gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Şeýle hem, maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ekologiýa taslamalarynyň biri bolan “Altyn Asyr” Türkmen kölüniň ähmiýetini bellediler. Onuň döredilmegi sebitdäki howa şertlerini gowulandyrar we zeýkeş suwlaryny gaýtadan ulanmaga mümkinçilik döreder.

“Ellicott Dredges” kompaniýasy 1885-nji ýylda döredildi. Kompaniýa dünýädäki öňden bäri hereket edip gelýän derýa läbik sorujylaryny öndürijileriň we taslamasyny işläp taýýarlaýjylaryň biridir. Kompaniýa ýyllaryň dowamynda takmynan 2 müň 500 sany tehnikalary öndürip, 112 ýurda iberdi.