“Mary DES–Hyrat şäheri” elektrik geçirijisiniň gurluşygy tamamlanýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
 “Mary DES–Hyrat şäheri” elektrik geçirijisiniň gurluşygy tamamlanýar
Gurluşykçylar 876 sany ýokary woltly diň wagtynda gurlup, tutuş ugur boýunça simler asyldy. (Surat: “AÖB”)

Mary döwlet elektrik stansiýasyndan (DES) Hyrata (Owganystan) çenli çekilen kuwwaty 220 kilowolt bolan “Mary DES–Hyrat şäheri” ugry boýunça elektrik geçirijisi ulanyşa girizilmezinden öňki synag işlerine taýýar edildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, 260 kilometr uzynlykly elektrik geçirijisiniň maýa goýujysy we baş potratçysy hökmünde Türkiýäniň “Çalik Enerji” kompaniýasy çykyş edýär. Kompaniýanyň gurluşykçylary 876 sany ýokary woltly diňi wagtynda gurup, tutuş ugur boýunça simleri asdylar. Şeýle hem, inženerler Mary DES-de açyk paýlaýjy desganyň giňeltmek işlerini tamamladylar.

Mary welaýatynyň Serhetabat şäherinde 220/110/10 kilowoltlyk transformator podstansiýasynyň gurluşygy häzirki wagtda dowam edýär. Meýilnama boýunça şu aýyň ahyryna çenli onuň gurluşyk işlerini tamamlamak göz öňünde tutulýar.

“Mary DES–Hyrat şäheri” ugry boýunça elektrik geçirijisi Türkmenistan–Owganystan–Pakistan (TOP) ýokary woltly elektrik geçirijisiniň bir tapgyrydyr. Şu ýylyň awgust aýynda bu elektrik geçirijisiniň ulanyşa girizilmegi meýilleşdirilýär.

2022