ÝTÖB Türkmenistanda ýyladyşhana tehnologiýalarynyň ösüşi boýunça maslahat geçirer

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝTÖB Türkmenistanda ýyladyşhana tehnologiýalarynyň ösüşi boýunça maslahat geçirer
ÝTÖB-iň Türkmenistandaky esasy ileri tutýan strategiki ugurlarynyň biri ýurdumyzyň hususy pudagyny goldamakdan ybaratdyr. (Surat: ÝTÖB)

Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň (ÝTÖB) Türkmenistandaky wekilhanasy şu ýylyň 31-nji maýynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Türkmenistanda ýyladyşhana tehnologiýalaryny ösdürmek” atly maslahat geçirer. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) resmi saýtynda sişenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu çäre Ýewropa Bileleşiginiň ýardam bermegi esasynda gurnalyp, pudagarara taslamalaryny goldamaga gönükdirilendir.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň kiçi telekeçiliginiň wekilleri üçin geňeşmeler geçiriler. Hususan-da, oba hojalygy pudagyndaky halkara bilermenler gök önüm we miweli ekinleri öndürmek üçin innowasion usulda ýyladyşhanalaryň guralmagy barada maglumatlary paýlaşarlar.

Şeýle hem, TSTB-niň oba hojalygy bölüminiň başlygy “Türkmenistanda ýyladyşhana hojalygy pudagynda telekeçileriň soňky 5 ýylda gazanan üstünlikleri” atly mowzuk boýunça çykyşy eder.

ÝTÖB-iň Türkmenistandaky esasy ileri tutýan strategiki ugurlarynyň biri ýurdumyzyň hususy pudagyny goldamakdan ybaratdyr. ÝTÖB Türkmenistanda öz işine başlandan bäri dürli pudaklarda 292 million ýewra barabar bolan 80 taslama maýa goýumyny goýdy.

2022