Türkmenistan bilen Hytaý söwda-ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Hytaý söwda-ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrýar
Gepleşige gatnaşyjylar türkmen-hytaý strategiki hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýolbaşçylarynyň sişenbe güni wideoragatnaşyk ulgamy arkaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine garaldy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, türkmen tarapyndan Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, wise-premýer Serdar Berdimuhamedow, hytaý tarapyndan bolsa Hytaýyň Döwlet geňeşiniň wise-premýeri Han Çžen gatnaşdylar.

Gepleşige gatnaşyjylar türkmen-hytaý strategiki hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda Hytaýyň biziň ýurdumyz üçin iri söwda hyzmatdaşy bolup durýandygyny, şeýle-de Türkmenistanyň iki ýurduň arasynda gatnaşyklary ösdürmek boýunça meýilnamany hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmegi hem-de ýokary derejede ysnyşykly gatnaşyklary goldamagy maksat edinýändigini belledi.

Taraplar häzirki wagtda gaz babatdaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny nygtadylar. Şeýle-de ulag, aragatnaşyk we telekommunikasiýa, sanly tehnologiýalar, maliýe-bank ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalar beýan edildi.

Maslahatyň dowamynda türkmen tarapy iki döwletiň hususy we döwlet gurluşlarynyň arasynda göni gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça ikitaraplaýyn mehanizmleri işjeňleşdirmek arkaly kiçi telekeçilik pudagynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretmek babatda teklibi öňe sürdi.

Mundan başga-da, taraplar saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar.

Türkmen wekiliýetiniň Hytaýyň Sian şäherine iş sapary 9-12-nji maý aralygynda dowam edýär. Gepleşige Hytaýyň wise-premýeri Han Çžen Pekinden wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

2022