Täze “Azerbaýjan” paromy Türkmenbaşy portuna ilkinji gatnawyny amala aşyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Täze “Azerbaýjan” paromy Türkmenbaşy portuna ilkinji gatnawyny amala aşyrdy
“Azerbaýjan” paromy ýolagçy gatnatmak, demir ýol ulaglaryny we awtoulaglary daşamak üçin niýetlenendir.

Täze “Azerbaýjan” paromy Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna ilkinji iş gatnawyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, täze paromy garşylamak dabarasyna hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Bu döwrebap parom 2020-nji ýylda Bakuwyň gämi gurluşyk zawodynda “Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçilik” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy boýunça guruldy. Ol ýolagçy gatnatmak, demir ýol ulaglaryny we awtoulaglary daşamak üçin niýetlenendir.

Uzynlygy 154 metr bolan 5 müň 54 tonna ýük daşamaga ukyply parom ýurdumyza döwrebap tehnikalary getirdi.

Türkmenistanyň Türkmenbaşy porty bilen Azerbaýjandaky Baku portynyň arasynda 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde ýük dolanyşygynyň möçberi ýokarlandy. Port birinji çärýekde Baku-Türkmenistan-Baku ugry boýunça 6 müň 605 sany iri görnüşli ulaglary (TIR) we konteýnerleri daşady.

Üç aýyň dowamynda Baku portunyň parom terminalynda Baku-Türkmenistan-Baku ugry boýunça 4 müň 897 sany wagonlar hem gatnadylypdy.

2022