Türkmenistanda Kioto Konwensiýasy güýje girdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Kioto Konwensiýasy güýje girdi
Kioto konwensiýasy gümrük işi babatda ählumumy halkara hukuknamasy bolup, ol gümrük işi bilen bagly ähli meseleleri öz içine alýar.

Gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek we sazlaşdyrmak baradaky halkara konwensiýasy (Kioto Konwensiýasy) 2021-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistan üçin güýje girdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda anna güni habar berildi.

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi 2021-nji ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Kioto Konwensiýasyna goşulmak baradaky resminamanyň asyl nusgasyny Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary jenap Kunio Mikuriýa gowşurupdy. Jenap Kunio Mikuriýanyň bu resminamany kabul etmegi bilen, Türkmenistan bu konwensiýanyň 126-njy agzasy boldy.

Kioto konwensiýasy gümrük işi babatda ählumumy halkara hukuknamasy bolup, ol gümrük işi bilen bagly ähli meseleleri öz içine alýar. Onuň esasy ýörelgeleri ýönekeýleşdirilen gümrük amallarynyň ulanylmagyndan, gümrük gözegçiliginiň häzirki zaman usullaryny ulanmak arkaly töwekgelçiligi dolandyrmak ulgamynyň ornaşdyrylmagyndan, işewürler we beýleki gyzyklanýan taraplar bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklamakdan ybaratdyr.

Gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek we sazlaşdyrmak baradaky halkara konwensiýasyna 1973-nji ýylda Kioto şäherinde gol çekildi.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň hem-de Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda Bütindünýä gümrük guramasynyň bilermenleri Kioto Konwensiýanyň düzgünlerini we oňa goşulyşmak üçin bildirilýän talaplary, şertleri giňişleýin düşündiripdiler.

2022