Türkmen Lideri bilen SOCAR-yň başlygy “Dostluk” ýatagynyň özleşdirilmegini maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri bilen SOCAR-yň başlygy “Dostluk” ýatagynyň özleşdirilmegini maslahatlaşdy
Azerbaýjanyň “SOCAR” Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy Rownag Abdullaýew

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Azerbaýjanyň “SOCAR” Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Hazar deňzindäki iň uly “Dostluk” ýatagyndaky uglewodorod serişdelerini özleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagyň uglewodorod serişdelerini bilelikde özleşdirmek hakyndaky Ähtnama halkara hukuk binýadynda bilelikde işlemek üçin täze mümkinçilikleri açyp, köp mukdarda daşary ýurt maýalarynyň gelmegi, milli ykdysadyýetleriň pugtalandyrylmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegi, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy üçin amatly şertleri döretjekdigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz hem-de myhman Hazar meseleleriniň bu sebiti parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli hyzmatdaşlyk zolagyna öwürmäge mynasyp goşant goşýan Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudygyny nygtadylar.

Duşuşygyň çäklerinde türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmakda ösüşiň gazanylýandygy hem bellenildi.

Hazar deňzindäki “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek we ösdürmek boýunça Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek Ähtnamasyna şu ýylyň ýanwar aýynda gol çekildi.

2022