TNGIZT-de üçünji nebit gämi duralgasy desgasynyň gurluşygy alnyp barylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
TNGIZT-de üçünji nebit gämi duralgasy desgasynyň gurluşygy alnyp barylýar
TNGIZT-iň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit gämi duralgasy desgasynyň gurluşygy amala aşyrylýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasy desgasyny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyna” laýyklykda, ýakyn geljekde TNGIZT-de täze tehnologik desgalaryň birnäçesini gurmak meýilleşdirildigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, nebithimiýa toplumyna ugradylýan çig nebitiň möçberlerini artdyrmaga, sebitiň iri nebiti gaýtadan işleýän kärhanasynyň çykarýan önümlerini ýurdumyzyň we daşary döwletleriň sarp edijilerine öz wagtynda iberilmegini üpjün etmäge aýratyn üns berilmelidir diýip, Milli Liderimiz belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň iň iri kärhanasy bolup, öz göwrümi boýunça nebiti gaýtadan işleýän öňdebaryjy konsernlere gabat gelýär. TNGIZT-niň düzümine iki zawod, köpsanly nebit bazalary we ýangyç guýujy beketleri girýär.

2022