Gresiýa Türkmenistan bilen söwda dolanyşygyny pugtalandyrmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gresiýa Türkmenistan bilen söwda dolanyşygyny pugtalandyrmakçy
Gresiýanyň Daşary işler ministrligi, Afina şäheri

Gresiýa Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn söwdany diwersifikasiýalaşdyrmagyň we maýa goýum gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýollaryny öwrenmegi dowam etdirer. Bu barada Gresiýanyň DIM-ne salgylanyp, Azerbaýjanyň “Trend” agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Gresiýa Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryny we söwda ugrundaky hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy göz öňünde tutýar.

Gresiýanyň daşary syýasat edarasynyň bellemegine görä, energetika, gurluşyk, oba hojalygy we azyk önümleri, maglumat tehnologiýalary we dokma senagaty ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçiligi bardyr.

Türkmenistan Gresiýa bilen 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy. 

2022