Täze gämi gatnawy Türkiýäni Merkezi Aziýa bilen birikdirer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Täze gämi gatnawy Türkiýäni Merkezi Aziýa bilen birikdirer
Bu gämi gatnawy Türkiýe bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ilkinji gezek yzygiderli konteýner gatnawlaryny üpjün eder. (Surat: "P&O Maritime Logistics")

Türkiýäniň Marmara deňzinden Hazar deňzine täze ýük gämi gatnawy ýola goýlar. Bu gatnaw Russiýanyň içerki suw ýollarynyň üsti bilen Türkiýäni Merkezi Aziýa döwletleri bilen birikdirer.

“Türkiýe-Hazar” diýlip atlandyrylýan täze gämi gatnawy “DP World Yarımca” we “DP World” toparyna degişli beýleki kompaniýalaryň goldawy bilen “P&O Maritime Logistics” kompaniýasy tarapyndan ýola goýlar. Bu barada “P&O Maritime Logistics”-yň sişenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berildi.

Bu gämi gatnawy Türkiýe bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ilkinji gezek yzygiderli konteýner gatnawlaryny üpjün eder diýip, kompaniýa belledi.

2021-nji ýylyň aprel aýynyň soňunda bu ugur boýunça synag gatnawy şowly amala aşyryldy.

2020-nji ýylda Türkiýe, Russiýa we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda söwda dolanyşygy takmynan 31 milliard 200 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Russiýa we Merkezi Aziýa döwletleri Türkiýäniň eksportynyň 6%-ni, importynyň bolsa 9,6%-ni emele getirýär.

Bu gatnawlar üçin “P&O Maritime Logistics” MCV kysymly gämilerinden birini ulanar. Gatnaw Stambul şäheriniň golaýyndaky “Yarimca” portuny Russiýanyň içerki suw ýollarynyň üsti bilen Gazagystanyň “Aktau” we Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” portlary bilen birikdirer.

Kompaniýanyň beýanatyna görä, MCV kysymly gämiler Russiýanyň derýalarynda gatnawlary amala aşyrmak üçin amatlydyr. Täze ugur boýunça ýakyn aýlarda ýola goýuljak gämi gatnawlary üçin azyndan ýene iki sany gämileriň enjamlaşdyrylmagyna garaşylýar.

Beýanata görä, bu gatnawlaryň üsti bilen esasan önümçilik enjamlary, gurluşyk harytlary, dokma önümleri, kosmetika, öý hojalyk harytlaryny we mermer ýaly konteýnerlerde daşalýan harytlary hem-de umumy we ýörite ýükleri daşamak meýilleşdirilýär.

“P&O Maritime Logistics” kompaniýasynyň direktory Martin Helwegiň bellemegine görä, Türkiýe, Russiýa we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda söwdanyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikler bardyr.

Edara binasy Dubaýda ýerleşýän “P&O Maritime Logistics” dünýäniň iri deňiz logistika we port hyzmatlaryny hödürleýän kompaniýalarynyň biridir.

46 gektar meýdanda ýerleşýän “DP World Yarımca” Türkiýäniň Marmara sebitindäki iň uly konteýner terminallaryň biri bolup, onuň ýyllyk 1.3 million TEU konteýnerlerini üstaşyr geçirmäge kuwwaty bardyr.