Gubadag etrabyndaky täze haly kärhanasynyň gurluşygy tamamlanýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gubadag etrabyndaky täze haly kärhanasynyň gurluşygy tamamlanýar
Bu kärhananyň ulanmaga berilmegi bilen raýatlarymyzyň 150 sanysy täze iş orunlary bilen üpjün ediler.

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň dolandyryş merkezinde haly önümleriniň önümçiligi üçin täze kärhananyň gurluşygy tamamlanýar. Kärhananyň gurluşygy “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Daşoguz welaýatynyň çeper halyçylyk kärhanasynyň buýurmasy esasynda alnyp barylýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhananyň binalar toplumynyň düzümine uly bolmadyk türkmen halysynyň muzeýi, dolandyryş binasy, gulluk otaglary, ussahana, taýýar önümler üçin iki sany ammar, ýyladyş ulgamy üçin jaý, suw üçin ätiýaçlyk howdan, 860 kwadrat metrlik önümçilik sehi degişlidir.

Gubadag etrabynyň Azady köçesinde ýerleşýän haly we haly önümleriniň öndüriljek täze binasynyň umumy meýdany 0,5 gektara barabardyr. Bu kärhananyň ulanmaga berilmegi bilen raýatlarymyzyň 150 sanysy täze iş orunlary bilen üpjün ediler.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi Türkmenistandan arassa ýüňden dokalýan türkmen el halylaryny dünýä bazaryna iberýän esasy tarap bolup durýar. Häzirki wagtda birleşigiň düzümine çeper halyçylyk kärhanalarynyň sekiz sanysy degişli bolup, bular Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän 100-den gowrak halyçylyk bölümlerini we sehleri özünde jemleýär. Bu çeper halyçylyk kärhanalarynda 5 müňden gowrak halyçy zenanlar zähmet çekýär.