Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly şenbe güni geçiren maslahatynyň dowamynda “Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda”, “Firma atlary hakynda”, “Bilim hakynda” (rejelenen görnüşi) kanunlary we başga-da kanunçylyk namalarynyň ençemesi kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, täze “Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakyndaky” Kanun döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny, ony amala aşyrmagyň usullaryny kesgitleýän hem-de döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taslamasyny taýýarlamak we amala aşyrmak işinde ýüze çykýan gatnaşyklary kadalaşdyrýar.
Bähbitleriň we töwekgelçilikleriň deňagramlylygyny üpjün etmek, düzümiň desgalaryny ösdürmek boýunça taslamalary, meýilnamalary hem-de maksatnamalary amala aşyrmak üçin býujetden daşary çeşmeleriň serişdelerini çekmekde hukuk şertlerini döretmek “Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakyndaky” Kanunyň maksatlarynyň biridir.
Kabul edilen “Firma atlary hakynda” Kanun Türkmenistanyň telekeçilik ýuridik taraplaryna firma atlary dakylanda bildirilýän talaplary kesgitleýär, olaryň hukuklaryny goramakda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
Şeýle hem, deputatlar maslahatyň dowamynda “Konteýnerlere degişli gümrük Konwensiýasyna goşulmak hakynda”, “Konteýner goruna geçirilen we halkara daşamalarda ulanylýan konteýnerler üçin gümrük düzgüni hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda”, “Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda” Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda” kanunlary we başga-da kanunçylyk namalarynyň ençemesini kabul etdiler.