Türkmenistanyň telekeçilerine “Amazon”-da harytlaryny satmaga mümkinçilik berildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň telekeçilerine “Amazon”-da harytlaryny satmaga mümkinçilik berildi
Merkezi Aziýa döwletleriniň telekeçilerine “Amazon” söwda platformasynda harytlaryny satmaga mümkinçilik berildi.

Türkmenistanyň telekeçilerine ABŞ-nyň esasy elektron söwda platformasy bolan “Amazon”-da harytlaryny satmaga mümkinçilik berildi. Kompaniýa internet platformasynda harytlaryny satyp biljek telekeçileriň degişli ýurtlarynyň sanawyna üýtgeşmeler girizdi.

Üýtgedilen sanawda Türkmenistandan başga-da Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleri - Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan hem bar.

 “Amazon”-yň web sahypasynda haryt satmak üçin telekeçiler görkezilen ýurtlaryň raýaty bolmaly, şeýle-de olaryň häzirki wagtda hereket edýän telefon belgileri we halkara töleg kartlary bolmaly.

Jeff Bezos tarapyndan 1994-nji ýylda esaslandyrylan “Amazon” kompaniýasy girdejisi we kapitaly boýunça dünýädäki iň uly elektron söwda platformasydyr. Şu ýylyň birinji çärýeginde onuň ýyllyk girdejisi 108,5 milliard ABŞ dollaryndan geçdi.

2022