Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär
Sergä ýurdumyzyň kärhanalarynyň we beýleki düzümleriniň 90-dan gowragy, şol sanda daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde 24-25-nji maý aralygynda paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanylan “Ak şäherim Aşgabat” atly XX halkara köpugurly sergi geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň baş şäheriniň ýeten sepgitlerini, geljekki ösüş meýilnamalaryny açyp görkezýän giň gerimli serginiň meýdançalarynda şähergurluşyk, dolandyryş ulgamlary, inžener-üpjünçilik, ulag, aragatnaşyk, senagat we durmuş düzümleri, gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleri, enjamlar we jemagat tehnikasy, ekologiýa, abadançylyk ýaly ýörite bölümler görkezilýär.

Sergä ýurdumyzyň kärhanalarynyň we beýleki düzümleriniň 90-dan gowragy, şol sanda daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bu köpugurly serginiň ata Watanymyzyň ýüregi hasaplanýan Aşgabadyň şäher gurluşygy babatda gazananlaryny dünýä äşgär etjekdigine, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrjakdygyna, paýtagtymyzyň has-da gözelleşmegine, dünýäniň örän owadan hem-de ýaşamak üçin iň amatly şäherleriniň birine öwrülmegine ýardam etjekdigine ynam bildirýär.

Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan sergi tamamlanandan soňra gatnaşyjylaryň hemmesine degişli şahadatnamalar we diplomlar gowşurylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022