Ukraina Türkmenistandan ilkinji gezek bitum satyn aldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ukraina Türkmenistandan ilkinji gezek bitum satyn aldy
Şu aýda Ukraina ýene 1-2 müň tonna türkmen önümini satyn almagy meýilleşdirýär.

“Kantarell Ukraina” söwda kompaniýasy şu ýylyň maý aýynyň ortalarynda 600 tonna türkmen bitumyny ukrain bazaryna import etdi. Bu barada kompaniýanyň direktory Bekhan Elmurzaýewe salgylanyp, “Argus Media” baha kesiji gullugy geçen hepde habar berdi. Türkmen bitumy ilkinji gezek Ukraina import edilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, 60/90 kysymly ýol bitumy gämi bilen Türkmenbaşy portundan Azerbaýjanyň Alýat portuna ugradyldy. Soňra ýük demir ýol bilen Gruziýanyň Poti portuna we ol ýerden hem Ukrainanyň Odessa oblastyndaky Çernomorsk portuna iberildi.

Mundan başga-da, şu aýda Ukraina ýene 1-2 müň tonna türkmen önümini satyn almagy meýilleşdirýär. Häzirki wagta çenli Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen bitumyň esasy alyjysy bolan goňşy Özbegistan her aýda onuň 2-3 mün tonnasyny satyn alýar.

2020-nji ýylda Ukraina daşary ýurtlardan 1,18 million tonna bitumy import etdi.