Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Türkmenistanyň söwda kuwwatyny güýçlendirmek” atly bilelikdäki taslamasynyň çäginde ösen maglumat we marketing tehnologiýalaryny ulanmak boýunça ýurdumyzyň bäş welaýatynda onlaýn okuwlar tapgyry geçirildi. Bu barada BMGÖM-nyň metbugat beýanatynda çarşenbe güni habar berildi.
Bu onlaýn okuwlara Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Onlaýn okuwlarynyň geçirilmeginiň esasy maksady, Türkmenistanyň söwda düzgünleşdiriş pudagynda işleýän hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak arkaly ýurduň eksport kuwwatynyň giňemegine ýardam bermekden ybaratdyr.
“Onlaýn okuwlaryň mowzugy häzirki wagtda derwaýys meseleleriň biri bolup durýar. Sebäbi dünýä jemgyýetçiliginde içerki we halkara söwdada gitdigiçe öňdebaryjy maglumat we marketing tehnologiýalaryny ulanmaga geçilýär” diýip, BMGÖM-iň Maksatnamalar boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Röwşen Nurmuhamedow belleýär.
Döwlete degişli we hususy guramalary taýýarlamakda hem-de maslahat bermekde köp ýyllyk tejribesi bolan halkara hünärmen Rawinder Raina gatnaşyjylary ýurduň içinde bölek we lomaý söwdany, eksporty ösdürmekde şeýle hem daşary ýurtly müşderileri çekmek üçin halkara derejesinde ulanylýan maglumat we marketing tehnologiýa gurallary bilen tanyşdyrdy.
“Türkmenistanyň söwda kuwwatyny güýçlendirmek” taslamasy adam kapitalyny ösdürmek arkaly ýurduň söwda kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.