Bäherden etrabynda çeper halyçylyk kärhanasy öz işine başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Bäherden etrabynda çeper halyçylyk kärhanasy öz işine başlady
Täze kärhana raýatlarymyzyň 150-sini täze iş orunlary bilen üpjün eder.

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda çeper halyçylyk kärhanasy açyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu açylyş dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň wekilleri, Ahal welaýat we Bäherden etrap häkimliginiň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, zähmet toparlary, gurluşykçylar, hormatly ýaşulular hem-de ýaşlar gatnaşdylar.

2018-nji ýylyň oktýabr aýynda “Aşgabatdemirbeton” kärhanasy tarapyndan gurlup başlanan çeper halyçylyk kärhanasy bir gektar meýdany eýeleýär.

Kärhana önümçilik ussahanasyny, konferensiýa otagyny, ilkinji tiz kömek bölümini, suratkeşiň otagyny, arhiw otagyny, sergi zalyny we naharhanany öz içine alýar. Täze kärhana raýatlarymyzyň 150-sini täze iş orunlary bilen üpjün eder.

Häzirki wagtda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň düzümine çeper halyçylyk kärhanalarynyň sekiz sanysy degişli bolup, bular Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän 100-den gowrak halyçylyk bölümlerini we sehleri özünde jemleýär. Bu çeper halyçylyk kärhanalarynda 5 müňden gowrak halyçy zenan zähmet çekýär.

2022