“Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işi boýunça mejlis geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işi boýunça mejlis geçirildi
Daşary ykdysady işine gatnaşyjylar üçin bir penjire ulgamynyň işini kämilleşdirmek we ýönekeýleşdirmek boýunça tekliplere seredildi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda anna güni “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara toparynyň 3-nji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, mejlise Pudagara toparynyň düzümine gatnaşýan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň jogapkär wekilleri, şeýle hem BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň hem-de Halkara awtoulag daşaýjylarynyň türkmen assosiasiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda halkara tejribesini göz öňünde tutup, “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Pudagara toparyň düzümine girýän döwlet gözegçilik edaralarynyň kanunçylyk binýadyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň zerurdygyna aýratyn üns berildi.

Şeýle hem, daşary ykdysady işine gatnaşyjylar üçin “Eksport-import amallarynda bir penjire” ulgamynyň işini kämilleşdirmek we ýönekeýleşdirmek boýunça tekliplere seredildi.

“Bir penjire” ulgamy söwda bilen meşgullanýan taraplar we döwlet edaralarynyň arasyndaky maglumat dolanyşygyny çaltlaşdyrmak we ýönekeýleşdirmek hem-de serhetýaka söwda bilen baglanyşykly ähli taraplara peýda getirmek maksatly platformadyr.

2022