Eýranda elektrik energiýanyň sarp edilişiniň ýokarlanmagy sebäpli Türkmenistandan elektrik energiýasy import edilip başlandy. Elektrik energiýanyň sarp edilişiniň ýokarlanmagy Eýranda temperaturanyň gyzmagy we kriptowalýuta önümçiliginiň ýokarlanmagy esasynda ýüze çykdy. Bu barada Eýranyň “Press TV” teleýaýlymynda çarşenbe güni habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Eýranyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Horasan welaýatyny 140 megawat elektrik energiýasy bilen üpjün eder diýip, Eýranyň “Tavanir” döwlet energiýa kompaniýasynyň metbugat wekili Mostafa Rajabi aýtdy.
Kompaniýanyň wekili Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky baglaşylan elektrik üpjünçiligi boýunça ylalaşygyň birinji tapgyrynyň durmuşa geçirilýändigini nazara alyp, geljekde importyň artyp biljekdigini hem belledi.
“Bu mukdar Horasan sebitindäki elektrik energiýa bolan islegiň belli bir bölegini kanagatlandyryp biler” diýip, Rajabi aýtdy.
Energetika ministrliginiň Horasan welaýatyndaky bölüminiň wekili Muhammet Alaýi Türkmenistanyň sebitiň elektrik ulgamyny 130 megawat elektrik energiýasy bilen üpjün edip başlandygyny aýtdy.
Şeýle hem, Muhammet Alaýi türkmen elektrik energiýasynyň importynyň sentýabryň soňlaryna çenli dowam etjekdigini we bu importyň Eýranyň gündogar sebitlerinde elektrik energiýasynyň kesilmeginiň öňüni almak üçin niýetlenendigini belledi.
Eýranyň Energetika ministrliginiň maglumatyna görä, soňky hepdelerde elektrik energiýasyna artýan islegi kanagatlandyrmak üçin ýurduň elektrik stansiýalary doly kuwwatynda işleýär.
2024-nji ýyla çenli Türkmenistanda elektrik energiýasynyň önümçiligi ýylda 33 milliard kilowat sagada ýeter. Goýlan maksada ýetmek üçin bar bolan önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylýar. 2018-nji ýylda Maryda ilkinji kombinirlenen bug-gaz elektrik stansiýasy açyldy.