Türkmenistanyň JIÖ-i geçen 5 aýda 6,1% artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň JIÖ-i geçen 5 aýda 6,1% artdy
Geçen ýylyň ilkinji bäş aýy bilen deňeşdirilende, 2021-nji ýylyň degişli döwründe Türkmenistanda jemi öndürilen önüm 5,3% ýokarlandy.

Şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Türkmenistanyň jemi içerki önümi 6,1% artdy. Bu barada anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, mejlisiň dowamynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlendi.

2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Türkmenistanda jemi öndürilen önüm 5,3% ýokarlandy. Geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, bölek satuw haryt dolanyşygy 17,5% artdy.

Şeýle hem, ýanwar — maý aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 120,4%, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 92,2% ýerine ýetirildi.

Wise-premýer döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreler barada hem hasabat berdi. Şu döwürde jemi 52 sany döwlet emlägi hususylaşdyryldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ykdysady toplumyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleriň birnäçesine ünsi çekdi. Geljek ýyl üçin döwlet býujetini taýýarlamak gaýragoýulmasyz çäreleriň hatarynda görkezildi. Şonuň bilen birlikde, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň beýleki orunbasarlary bilen bilelikde 2022-nji ýyl üçin maksatnamany işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Ykdysady çökgünlik ýagdaýyndan has çalt depginde çykmak bu maksatnamada esasy wezipe bolmalydyr. Şeýle hem ykdysady çökgünligiň başlanmagyndan ozalky görkezijilere ýetmegi gazanmak zerurdyr. Bar bolan mümkinçiliklerden ugur alyp, ýurdumyzy ösdürmek boýunça ozal kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini hem üpjün etmek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022