Gruziýa Türkmenistandan 32 million ABŞ dollarlyk nebit önümlerini import etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gruziýa Türkmenistandan 32 million ABŞ dollarlyk nebit önümlerini import etdi
Nebit önümleri Gruziýada iň köp import edilýän harytlaryň arasynda üçünji orunda durýar.

Gruziýa Türkmenistandan 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde 32 million ABŞ dollarlyk 60 müň 400 tonna nebit önümlerini import etdi. Bu barada Gruziýanyň Milli statistika gullugyna salgylanyp, Azerbaýjanyň “Trend” agentligi şenbe güni habar berdi.

Hasabata görä, degişli döwürde Gruziýa daşary ýurtlardan jemi 270 müň tonna nebit önümlerini satyn aldy. Bu bolsa 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1 müň 100 tonna ýa-da 0,4% köpdür. Degişli döwürde daşary ýurtlardan import edilen nebit önümleriniň umumy bahasy 141 million 900 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Gruziýanyň Milli statistika gullugynyň maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde Gruziýa nebit önümlerini eksport eden ilkinji 5-lige girýän ýurtlar aşakylardan ybaratdyr:

1) Türkmenistan - 32 million ABŞ dollar, 60,400 tonna;

2) Russiýa - 28 million ABŞ dollar, 59,400 tonna;

3) Rumyniýa – 27 million 400 müň ABŞ dollar, 51,200 tonna;

4) Azerbaýjan – 20 million 100 müň ABŞ dollar, 43,000 tonna;

5) Bolgariýa – 14 million 400 müň ABŞ dollar, 26,900 tonna.

Nebit önümleri, Gruziýada iň köp import edilýän harytlaryň arasynda üçünji orunda durýar.