Türkmenistan bilen Kanadanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $18 milliona golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Kanadanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $18 milliona golaýlady
Türkmenistanyň Kanada eden eksporty 12 million 500 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Türkmenistan bilen Kanadanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2020-nji ýylda 17 million 800 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Kanadanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, Azerbaýjanyň “Trend” agentligi ýekşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Kanadadan eden importy 5 million 400 müň ABŞ dollaryna barabar bolup, olaryň 70,6%-ni önümçilik we tehnologiýa enjamlary hem-de ätiýaçlyk şaýlary eýeledi.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň Kanada eden eksporty 12 million 500 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Eksport edilen harytlaryň 98%-ni önümçilikde ulanylýan esasy senagat himiýa we plastmassa önümleri düzdi.

Mälim bolşy ýaly, Kanada Hazar gaz hyzmatdaşlygynyň mümkinçiligini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň energiýa pudagyna gyzyklanma bildirýär. Bu pudaga 2021-nji ýylyň ýanwarynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky “Dostluk” uglewodorod ýatagyny özleşdirmekde we işläp düzmekde bilelikdäki taslama boýunça özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekilmegi esasynda gyzyklanma bildirilip başlandy.

2022