TSTB-niň agzalarynyň ýanwar-maý aýlarynda söwda dolanyşygy 5,4% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TSTB-niň agzalarynyň ýanwar-maý aýlarynda söwda dolanyşygy 5,4% ýokarlandy
2021-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda hususy pudakda senagat önümçiligi 6,6% ýokarlandy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) kärhana-agzalarynyň şu ýylyň bäş aýyndaky dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,4% ýokarlandy. Bu barada, söwda toplumynyň we TSTB-niň 2021-nji ýylyň ýanwar-maý aýlaryndaky işleriniň netijelerine bagyşlanan mejlisde habar berildi.

TSTB-niň resmi sahypasynda duşenbe güni habar berlişi ýaly, hasabat döwründe ilata hyzmat edýän hususy kärhanalaryň pul dolanyşygy 3,1%, gurluşyk we gurnama işleri bilen meşgullanýanlaryň bolsa 1% artdy.

2021-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda hususy pudakda senagat önümçiligi 6,6%, oba hojalygyk önümçiligi bolsa 26% ýokarlandy.

Şeýle hem, görkezilen döwürde TSTB-niň agzalarynyň sany 7% artdy we 26 müň 200-e ýetdi.

Mundan başga-da, 2021-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda TSTB-niň agzalary, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan 24 sany iri desgany işe girizdiler.

TSTB-niň agzalary tarapyndan dürli döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan 362 taslama durmuşa geçirildi. Importyň azaltmagyna ýardam edýän we ýokary goşmaça bahasy bolan içerki önümleriň önümçiligini artdyrmagy meýilleşdirýän ýüzlerçe döwrebap kärhanalar esaslandyrylýar.

2022