Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň Söwda-senagat palatalarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda çarşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda telekeçileriň önümlerini daşary ýurt bazaryna tanatmak maksady bilen biznes prosesleriniň sanlylaşdyrylmagyna we elektron söwdanyň ösdürilmegine aýratyn üns çekildi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, “Biznesi kämilleşdirmegiň we ösdürmegiň şertleri” atly maslahat Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Belarusyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň milli söwda-senagat palatalarynyň, işewürlik toparlarynyň, guramalarynyň ýolbaşçylaryny we wekillerini bir ýere jemledi.
Onlaýn maslahatyň dowamynda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy we GDA döwletleriniň Söwda-senagat palatalarynyň ýolbaşçylar Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Döwletgeldi Rejepow hem-de Täjigistanyň Söwda-senagat palatasynyň başlygynyň orunbasary Odil Sangow GDA döwletleriniň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy, ylmy-tehniki we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmekde söwda palatalarynyň ähmiýetini nygtadylar.
Maslahatyň gün tertibine Söwda-senagat palatalarynyň hususy telekeçiligi höweslendirmek we goldamak babatynda alyp barýan işleri, ony sanlylaşdyrmak, palatalaryň, ugurdaş döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň arasyndaky söwda, ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdiremek, telekeçileriň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler degişli boldy.
Onlaýn foruma gatnaşyjylar GDA-nyň çäginde söwda we ykdysady gatnaşyklary we telekeçiligi goldamakda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek barada çykyş etdiler.
GDA agza döwletleriň Söwda-senagat palatalarynyň ýolbaşçylar geňeşi, hyzmatdaşlygy ösdürmek, GDA agza döwletleriniň bilelikdäki innowasion ösüşinde söwda-senagat palatasynyň ähmiýetini artdyrmak, kiçi we orta telekeçiligi goldamak, sebitara we serhetýaka gatnaşyklary giňeltmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň ösüş mehanizmlerini ösdürmek, işewürler üçin okuwlary geçirmek maksady bilen 2002-nji ýylyň noýabr aýynda döredildi.