2017-nji ýylda ulanylmaga berlen Baku-Tbilisi-Kars (BTK) demir ýoly arkaly daşalan ýükleriň mukdary 1 million tonnadan geçdi. Bu barada Türkiýäniň Transport we infrastruktura ministri Adil Karaismailogluny aýdan sözlerine salgylanyp, Türkiýäniň döwlet resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Karaismailoglu daşalan harytlaryň umumy mukdarynyň 393 müň tonnasynyň Türkiýäniň eksportyna, we onuň 614 müň tonnasynyň Türkiýäniň importyna degişlidigini köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren interwýusynda aýtdy.
Şeýle hem türk ministri, üstaşyr transportyň import amallarynyň ýerine ýetirilmeginde möhüm orny eýeleýändigini aýtdy. Bu ýol boýunça eksportyň, importyň we üstaşyr ýükleriň oňaýly hem-de tygşytly daşalmagyny üpjün etmek üçin infrastruktura, tehniki we gümrük amallary babatynda ähli päsgelçilikleri aradan aýyrmak üçin işleriň alnyp barylýandygyny belledi.
COVID-19 pandemiýasy döwründe demir ýollarynyň söwda gatnaşyklaryny üpjün etmekdäki ähmiýetine ünsi çeken Karaismailoglu, Baku-Tbilisi-Kars demir ýolunyň we Transhazar geçelgesiniň Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky söwdany dowam etdirmek üçin iň amatly ugur bolup galýandygyny aýtdy.
Mundan başga-da ol, 2021-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda Baku-Tbilisi-Kars demir ýolunda daşalan ýükleriň mukdarynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 19% ýokarlanandygyny aýtdy.
Bu döwürde şol ugur boýunça türk harytlarynyň 280 müň 878 tonnasy eksport edildi. Şeýle hem, Baku-Tbilisi-Kars demir ýolunyň üsti bilen Gruziýa, Gazagystana, Türkmenistana, Hytaýa, Azerbaýjana, Özbegistana, Russiýa, Gyrgyzystana we Täjigistana türk harytlaryň eksportynyň ýokarlanandygy hasaba alyndy. Görkezilen döwürde demir ýolunyň eksport ýük gatnawy 64 müň 378 tonna barabar boldy.
Karaismailoglunyň aýtmagyna görä, eksport üpjünçiliginde Gazagystan, Türkmenistan, Hytaý we Azerbaýjan öňdebaryjylaryň hataryndadyr.
Baku-Tbilisi-Kars demirýoly Ýewropa bilen Hytaýyň arasynda baglanyşyk gurup, Türkiýäni, Azerbaýjany we Gruziýany birleşdirýär.