Aşgabat we Kiýew logistiki ugurlaryň amatly görnüşlerine garadylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat we Kiýew logistiki ugurlaryň amatly görnüşlerine garadylar
Reni porty, Reni, Ukraina (Surat: "Ukrainanyň deňiz portlarynyň administrasiýasy")

Türkmenistan bilen Ukrainanyň Söwda-senagat palatalarynyň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşik geçirildi. Gepleşigiň dowamynda taraplar türkmen hem-de ukrain önümleriniň daşalmagynda logistiki ugurlaryň amatly görnüşlerine garadylar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) resmi saýtynda duşenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, gepleşige Türkmenistanyň we Ukrainanyň Söwda-senagat palatalarynyň ýolbaşçylary Döwletgeldi Rejepow we Gennadiý Çižikow, Ukrainanyň Türkmenistandaky ilçisi Wiktor Maýko, Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçisi Toýly Ataýew, Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Ukrainanyň Söwda-senagat palatasynyň iş geňeşiniň, sebitleýin palatalarynyň hem-de ukrain işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Onlaýn gepleşikde taraplar Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, maslahata gatnaşyjylar ähli ugurlar boýunça türkmen-ukrain söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyny güýçlendirmekde hem-de işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ähli taraplaýyn goldaw bermek boýunça işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Ukrainanyň Ykdysady ösüş, söwda we oba hojalygy ministrliginiň wekilleri şu ýylyň fewral aýynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirdiler. Onuň barşynda ukrain wekiliýeti Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň çäginde logistika merkezini döretmäge gyzyklanma bildirdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022