Türkmenistanda halkalaýyn energiýa ulgamynyň gurluşygy dowam edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda halkalaýyn energiýa ulgamynyň gurluşygy dowam edýär
Halkalaýyn ulgamyň ikinji tapgyrynyň gurluşygynda Balkanabatdan Daşoguza 567 kilometr uzynlykdaky 500 kw-lyk elektrik geçirijisi çekiler.

Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň elektrik ulgamlaryny birleşdirjek halkalaýyn energiýa ulgamynyň birinji tapgyrynyň gurluşygynyň depgini artýar. Energiýa ulgamynyň birinji bölüminde eýýäm ähli binýatlar goýlup, olaryň üstünde 220 kw-lyk liniýa üçin 500-den gowrak metal diregi dikildi. Gurluşygyň baş potratçysy «Türkmenenergogurluşyk» konsernidir.

Türkmenistanyň resmi metbugatynda sişenbe güni habar berlişi ýaly, “Serdar” elektrik bekedinden Balkanabada çenli uzaýan ikinji bölümde bolsa gurluşykçylar demirbeton sütünlerini oturtmagy tamamladyrlar we olaryň üstünde 350-den gowrak metal gurluşlary dikdiler.

Energetikler halkalaýyn ulgamyň birinji tapgyryny gurmak üçin zerur bolan 1 müň 426 sany diregi dikmegi hem-de “Serdar-220”, “Gyzylarbat-110” we “Balkan-500” elektrik beketleriniň gurluşygyny awgust aýynda doly tamamlamagy meýilleşdirýärler.

Mundan başga-da, taslamada güýç berýän transformatorlaryň, söndürijileriň, aýyryjylaryň, releli goragyň we awtomatikanyň, telemehanikanyň, aragatnaşyk ulgamlarynyň we Türkiýäniň, Gazagystanyň, Hindistanyň kompaniýalary tarapyndan ýewropa standartlary boýunça öndürilen SCADA ulgamlarynyň oturdylmagy göz öňünde tutulandyr.

Halkalaýyn ulgamyň ikinji tapgyrynyň gurluşygynda Balkanabatdan Daşoguza 567 kilometr uzynlykdaky 500 kw-lyk elektrik geçirijisi çekiler.

Türkmenistanyň halkalaýyn energiýa ulgamynyň gurluşygyny 2023-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan bu taslamanyň amala aşyrylmagy elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmaga, energiýa tygşytlanyşynyň hilini ýokarlandyrmaga we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, bu pudagyň eksport mümkinçiligini ep-esli artdyrmaga gönükdirilendir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022