2021-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda “Lebapgazçykaryş” müdirligi tarapyndan öndürilen tebigy gazyň möçberi takmynan 5 milliard 100 million kub metre barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 140%-e deň boldy.
Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň elektron gazetiniň çarşenbe güni beren habaryna görä, geçen bir aýyň içinde “mawy ýangyjyň” önümçiligi takmynan 907 million kub metre deň boldy.
Hasabat döwründe “Lebapgazçykaryş” müdirliginde 20 müň 700 tonnadan gowrak gaz kondensaty öndürildi.
Mundan başga-da, müdirligiň işgärleri tebigy gazyň artykmaç öndürilmegini üpjün eden ulanyşdan galan guýularyň 17-sini abatladylar. Abatlaýyş işleri Malaý, Kerpiçli we Kükürtli ýataklarynda hem alnyp barylýar.
2009-njy ýylyň dekabrynda açylan Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gazgeçirijisi Lebap welaýatyndan gözbaş alýar.