“Türkmenhowaýollaryna” täze “Boeing 777-200LR” kysymly uçar gowşuryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenhowaýollaryna” täze “Boeing 777-200LR” kysymly uçar gowşuryldy
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň täze “Boeing 777-200LR” kysymly uçary (Surat: Jennifer Şuldyň “Twitter” hasaby)

“Türkmenhowaýollary” agentligine düşenbe güni “Boeing 777-200LR” kysymly howa gämisi gowşuryldy. Bu barada “AviationNepal.com” media agentligi penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu howa gämisi dünýäde “Boeing 777-200LR” kysymly iň soňky ýolagçy uçar hasaplanýar. Uçar “Boeing” kompaniýasynyň ABŞ-nyň Ewerett şäherindäki zawodynda öndürildi.

Häzirki wagtda “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan üç sany “Boeing 777-200LR” kysymly howa gämisi dolandyrylýar. Agentlik 2019-njy ýylyň ortalarynda bahasy 346 million 900 müň ABŞ dollaryna barabar bolan täze “Boeing 777-200LR” uçaryny sargyt edipdi.

Bu täze uçar “Türkmenhowaýollary” agentliginiň “Boeing” kompaniýasyndan satyn alan 32-nji uçary boldy.

“Boeing 777-200LR” ýolagçy uçarynyň bir bada 317 sany ýolagçyny daşamaga we 15 müň 843 kilometre barabar bolan uzaklyga çenli uçuşlary üznüksiz ýerine ýetirmäge ukyby bardyr.

2022