“Türkmenbaşy” banky açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrüler

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenbaşy” banky açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrüler
“Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň dolandyryş edarasy, Aşgabat, Türkmenistan

“Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşi üýtgedilip, açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrüler. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly anna güni geçirilen mejlisinde makullady.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Gadyrgeldi Müşşikow ýurdumyzyň bank edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Ministr bu ugurda görülýän çäreleriň bank ulgamyny netijeli dolandyrylmagyna, edilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmaga ýardam edýändigini belledi.

Türkmenistanyň Merkezi banky, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde geçirilen seljerme işleriniň netijelerine laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna “Türkmenbaşy” bankyny açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank edaralarynyň işini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreleriň banklaryň maýa goýum kuwwatyny artdyrmaga hem-de maýa binýadyny pugtalandyrmaga, bank gözegçiligini kämilleşdirmäge hem-de degişli amallarynyň möçberini giňeltmäge gönükdirilendigini belledi.

Milli Liderimiz “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankyny açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky teklibi makullap, göz öňünde tutulýan işleri bellenen möhletde hem-de ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatda 2021-nji ýylyň 12-nji aprelinde “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022