Türkmenistanda gaýtadan ulanylýan kagyz galyndylaryna eksport pajyny girizmek meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda gaýtadan ulanylýan kagyz galyndylaryna eksport pajyny girizmek meýilleşdirilýär
Türkmen karhanalary her ýylda 22 müň tonnadan gowrak kagyz galyndylaryny gaýtadan işlemäge ukyplydyr.

Türkmenistanda 2021-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap gaýtadan ulanylýan kagyz galyndylarynyň eksportyna täze gümrük pajyny girizmek meýilleşdirilýär.

Wise-premýer Çary Gylyjow gaýtadan işlenilýän kagyz galyndylarynyň ýurduň daşyna çykarylmagyny düzgünleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary täze önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli gurup, ulanmaga berýärler we şolaryň hatarynda kagyz önümleriniň önümçiligi boýunça kärhanalar hem bar. Şol kärhanalarda azyk we senagat önümlerini, halkyň sarp edýän harytlaryny gaplamaga niýetlenen kagyz gaplar, elsüpürgiçler, okuwçy depderleri, öý hojalygynda ulanylýan kagyz önümleri öndürilýär.

Ministriň bellemegine görä, şeýle kärhanalaryň köpüsi çig maly gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilip, olaryň önümçilik kuwwatlyklary her ýylda 22 müň tonnadan gowrak kagyz galyndylaryny gaýtadan işlemäge niýetlenendir.

Wise-premýer Çary Gylyjow ýurdumyzyň içinde kagyz we karton gaplara bolan islegleriň artýandygyny, kagyz galyndylaryny daşary ýurtlara çykarmagy hem-de ýerlemegi tertipleşdirmek meselelerini nazara alyp, kagyz önümleriň önümçiligi boýunça kärhanalaryň kuwwatlyklaryny doly güýjünde peýdalanmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap, täze gümrük pajyny girizmek teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu meseleleri içgin öwrenmegiň we ony degişli derejede taýýarlamagyň zerurdygyny belledi hem-de onuň ekologiýa ugruna möhüm üns bermegi tabşyrdy.

Kagyzyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde galyndy kagyzlardan täze kagyz önümleri öndürilýär. Ofis kagyzlary, gazetler, karton gaplary we žurnallar ýaly köp dürli kagyzlar gaýtadan işlenilip ulanylyp bilner.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022