Hytaýa 2,5 milliard kubmetrden gowrak türkmen gazy iberildi

BUSINESS TURKMENISTAN
Hytaýa 2,5 milliard kubmetrden gowrak türkmen gazy iberildi
2021-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň gazynyň bir müň kub metriniň bahasy 216 ABŞ dollaryna barabar boldy.

2021-nji ýylyň aprelinde Türkmenistan Hytaýa 2 milliard 576 million kub metr tebigy gazyny iberdi we gaz eksport edijileriň arasynda birinji orny eýeledi.

Hytaý 2021-nji ýylyň aprelinde 4 milliard 227 million kub metr tebigy gazyny import etdi. Aprel aýynda gazgeçiriji arkaly Hytaýa esasy gaz eksport eden döwletleriň hataryna Türkmenistandan soňra ikinji orunda Gazagystan (617 million kub metr), Russiýa (487 million kub metr), Mýanma (318 million kub metr) we Özbegistan (229 million kub metr) girdi. Bu barada Hytaýyň gümrük gullugynyň baş müdirliginiň maglumatlaryna salgylanyp, Russiýanyň “Interfaks” agentligi ýekşenbe güni habar berdi.

Hytaýyň gümrük gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň Hytaýa iberen gazynyň kub metriniň bahasy üpjünçilik başlany bäri ilkinji gezek ýokarlanyp, 2021-nji ýylyň ikinji çärýeginde 148 ABŞ dollaryna ýetdi. Onuň şu ýylyň birinji çärýegindäki bahasy 121 ABŞ dollaryna barabardy.

Hytaýa gazgeçiriji arkaly gaz eksport edijileriň arasynda Russiýa iň arzan bahadan gaz ibermegini dowam etdirmeginde galýar. 2021-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň gazynyň bir müň kub metriniň bahasy 216 ABŞ dollaryna, Gazagystanyň we Özbegistanyň gazy - 179 ABŞ dollaryna, Mýanmanyň gazy - 347 ABŞ dollaryna deň boldy.

Türkmenistan A, B hem-de C şahamçalaryndan ybarat bolan “Merkezi Aziýa-Hytaý” gaz geçirijisi arkaly Hytaýa tebigy gazy eksport edýär. Häzirki wagtda D şahamçasynyň gurluşygy hem dowam edýär. Geçen ýyl Hytaý bu gaz geçirijisi arkaly 39 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz import etdi.

Bu gaz geçirijisi 2009-njy ýylda ulanyşa girizilenden bäri Hytaý Türkmenistandan 300 milliard kub metrden gowrak gaz aldy we türkmen “mawy ýangyjyny” iri import ediji bolmagynda galýar.

2022