Türkmen-fin söwda-ykdysady gatnaşyklary maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-fin söwda-ykdysady gatnaşyklary maslahatlaşyldy
Diplomatlar hyzmatdaşlygyň özara kabul ederlikli mehanizmlerini gözlemegi ylalaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde sişenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly türkmen-fin gepleşikleri geçirildi. Taraplar gepleşigiň dowamynda Türkmenistan bilen Finlandiýa Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň derejesine garadylar.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga fin tarapyndan ýurduň DIM-niň wekilleri we Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Helsinki ş.) Mariýa Elina Liiwala gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda diplomatlar türkmen-fin gatnaşyklaryny ösdürmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellemek bilen, hyzmatdaşlygyň özara kabul ederlikli mehanizmlerini gözlemegi ylalaşdylar.

Taraplar iki döwletiň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmek babatynda gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Şeýle hem, döwletara gatnaşyklary ilerletmekde ýokary derejelerdäki saparlaryň ähmiýetini nygtadylar we şu ýylda şeýle saparlary guramagyň mümkinçiliklerine seretdiler.

Mundan başga-da taraplar sebit we owgan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Goňşy döwletde parahatçylygy diňe syýasy we diplomatik usullar arkaly gazanmaga ynam bildirilýändigi barada türkmen tarapynyň garaýyşlary ýene bir gezek tassyklanyldy.

Türkmenistan bilen Finlandiýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022