TSTB-nyň agzalary on ýylda 13 milliondan gowrak agaç nahallaryny oturtdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
TSTB-nyň agzalary on ýylda 13 milliondan gowrak agaç nahallaryny oturtdylar
Hususy pudakda ýetişdirilýän ter miweler ýurdumyzyň içerki bazarlaryna hem-de türkmen telekeçileriniň zawodlaryna gaýtadan işlenmäge ugradylýar.

Soňky on ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalary ýurdumyzda 13 milliondan gowrak miweli agaçlaryň we üzümiň nahallaryny oturtdylar. Olaryň 70% -i eýýäm hasyl berip başlady.

TSTB-niň çarşenbe güni resmi saýtynda habar berlişi ýaly, hususy pudakda ýetişdirilýän ter miweler diňe bir ýurdumyzyň içerki bazarlaryna iberilmek bilen çäklenmän, türkmen telekeçileriniň zawodlaryna gaýtadan işlenmäge hem ugradylýar. Zawodlarda miwelerden şireler, pýureler, mürepbeler we beýleki önümler öndürilýär.

Mundan başga-da, TSTB hususy telekeçilere oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, agrotehniki çäreleri geçirmek barada maslahat beriş işlerini geçirýärler. Maslahatlaryň dowamynda esasan hem, suwy tygşytly ulanmagyň ýörelgeleri düşündirilýär we suw tygşytlaýjy tehnologiýalary hem-de suw çeşmeleriniň ýitmegini aradan aýyrmak üçin häzirki zaman izolýasiýa serişdeleriniň (geotekstiller, geomembranlar) ornaşdyrylmagy babatynda durlup geçilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2008-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda TSTB ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda öz işini alyp barýan 25 müňden gowrak telekeçileri özünde jemleýär.